SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN WIDEOROLIK ÝAPONIÝANYŇ MIÝAZAKI ŞÄHERINIŇ BAŞ MEÝDANÇASYNYŇ EKRANYNDA
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Türkmenistan BMG derejesinde yglan edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyny belleýär. Şu ýyl «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda bu wajyp senä bagyşlanan dürli çäreler geçirilýär. Şunlukda, 2020-nji ýylyň 20-nji iýulyndan başlap, Ýaponiýanyň Miýazaki prefekturasynyň Miýazaki şäherinde ýerleşýän Içibangaý meýdançasynyň uly ekranynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolanyndan soň 25 ýylyň dowamynda gazanan sepgitleri barada w...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE BAHREÝNIŇ PATYŞASY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIKDE HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy birek-birege mähirli sözleri aýdyp, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça ikiçäk duşuşykda pikir alyşmak, şeýle hem halkara syýasatynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige hoşallyk bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Bahreýniň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN BAE-NIŇ WISE-PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed Bin Raşid Al Maktum bilen telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz Dubaýyň häkimi bilen doganlarça salamlaşyp, ony, BAE-niň dostlukly halkyny yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy (Id al-adha) bilen gutlady. Milli Liderimiz ýokary ahlak gymmatlygyny, ruhy tämizligi we ynsanperwerligi özünde jem...
TÜRKMEN LIDERI WE ABU-DABINIŇ MIRASDÜŞER ŞAZADASY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIKDE ÖZARA GATNAŞYKLARYŇ ILERI TUTULÝAN MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy (Id al-adha) bilen gutladylar hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Ynsanperwer...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON SÖHBETDEŞLIGI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Milli Liderimiz söhbetdeşligiň resmi bölümine geçmezden ozal, özbek kärdeşini doglan güni hem-de Muhammet pygamberiň ýaşy — 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz her bir musulmanyň durmuşynda şanly waka bolan we yslam dünýäsinde belent sarpa goýulýan bu ajaýyp senäniň möhümdigini belläp, Şawk...
TELEFON ARKALY SÖHBETEŞLIGIŇ DOWAMYNDA TÜRKMEN-BRITAN GATNAŞYKLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler we Arkalaşygyň işleri boýunça ministriniň parlamentar orunbasary, Ýewropa hoşniýetli goňşuçylyk we Amerika işleri boýunça ministri hanym Wendi Morton bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Taraplar özara gyzyklanma döredýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik...
TÜRKMEN-EMIRAT GATNAŞYKLARYNYŇ MÖHÜM MESELELERI TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIKDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşigiň barşynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer...