TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
BUDAPEŞT ŞÄHERINDE TÜRKMEN-WENGER IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Türkmen-Wenger bilelikdäki toparynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmen-wenger işewürlik maslahaty Wengriýanyň eksporty ösdürmek boýunça agentligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guraldy. Forumyň dowamynda iki tarapyň topar ýolbaşçylarynyň hem-de Wengriýanyň bank ulgamynyň şeýle hem hususy kärhanalaryň ýolba...
«DEMOKRATIÝA WE HUKUK» ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan neşir «Sanly ykdysadyýetde innowasion ösüş we intellektual eýeçiligiň goragy» atly makala bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ähmiýetine üns çekilýär. Halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde onuň orny nygtalýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy...
TÜRKMENISTANDA KIPR RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa şu gün Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreas Zinonosdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy doly ygtyýarly wekili ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi. Hoşniýetli arzuwlary üçin...
MINSKDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Belarus döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzda şu ýyly «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýip yglan edilmegi, şeýle hem 11-12-nji dekabrda Aşgabatda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere bagyşlanyp maslahat gurnaldy. Maslahata bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan dürli ýurtlaryň talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatna...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Ýokary derejedäki bilelikdäki saparlaryň özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak ýörelgelerine...
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY: ŞANLY SENÄNIŇ HORMATYNA TÄZE SAÝT
?Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň saýty 19-njy ýanwardan 20-nji ýanwara geçilen gije internete goýberildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenilip düzülen 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli forumyň resmi ulgamy Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanyldy. Täze saýtyň baý mazmuna...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany T.B.Kömekow hakynda Toýly Babaýewiç Kömekowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Nur-Sultan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 20-nji ýanwary. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany T.B.Kömekow hakynda Toýly Babaýewiç Kömekowy Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri...