RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ TÄZE TAPGYRLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ÝUNESKO-nyň Tähran şäherinde ýerleşýän Klaster edarasynyň Başlygy jenap Swetan Swetkowski bilen duşuşdy. Uşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň (ÝUNESKO) arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli hem-de...

DOWAMY
pic
13 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERINE WE JENAÝATLARA GARŞY MÜDÜRIÝETINIŇ SEBIT ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GURALDY

2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreş müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy hanym Aşita Mittal bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatalara garşy göreş müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysyna, “Türkmenistan we halkara guramalary: par...

DOWAMY
pic
11 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OMAN SOLTANYNYŇ ARADAN ÇYKMAGY ZERARLY GYNANÇ BILDIRDI

2020-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Omanyň Soltany Kabus bin Saýidiniň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.  https://www.mfa.gov.tm/tk/news/1825

DOWAMY
pic
10 Ýan

RESMI HABAR

?Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2020-nji ýylda nebit önümleriniň möçberl...

DOWAMY
pic
10 Ýan

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň awtomobil ýol ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek we binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly bilen Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow ş...

DOWAMY
pic
10 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY IBERDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Tähran şäheriniň golaýynda «Ukrainanyň halkara howa ýollary» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu betbagtçylygyň netijesinde Eýranyň köp sanly raýatynyň pida bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. https://www.mfa.gov.tm/tk/news/1824

DOWAMY
pic
9 Ýan

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň — Karz alyjynyň adyndan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz...

DOWAMY