RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI UKRAINANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY ÝOLLADY

2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýe Tähran şäheriniň golaýynda «МАУ» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň köp sanly adam pidalaryna  getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny ýollady.

DOWAMY
pic
8 Ýan

TÜRKMEN WEKILIÝETI «HEIMTEXTIL 2020» SERGISINE GATNAŞÝAR

2020-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde «Heimtextil 2020» atly dokma önümleriniň halkara sergisini öz işine başlady. Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan wekilçilikli topary gatnaşýarlar. Bu halkara sergisi her ýylyň ýanwar aýynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» sergiler merkezinde geçirilýär. Bu ýyl...

DOWAMY
pic
5 Ýan

RESMI HABAR

Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

DOWAMY
pic
3 Ýan

DERMATOLOGIÝA BOÝUNÇA HÜNÄRMEN AKSEL HAUŞILDE TÜRKMENISTANYŇ MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETINIŇ HORMATLY PROFESSORY ALYMLYK DEREJESI BERILDI

Germaniýaly lukmançylyk ylymlarynyň doktory Aksel Hauşilde Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory alymlyk derejesi berildi. Professor Hauşild dermatologiýa we deriniň onkoilogiýa keselleri boýunça tanymal hünärmen, Ýewropanyň onkologlar birleşmesiniň ýolbaşçy komitetiniň agzasy, Kil şäheriniň uniwersitet klinikasynyň okuw merkeziniň müdiridir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda lukmançylygyň birnäçe ugur...

DOWAMY
pic
3 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA TÄZE ÝYL GUTLAGLARY GELIP GOWUŞÝAR

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamak hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, Siziň dostlukly halkyňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin. Meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de dostluk we çuňňur hormat-sarpa baradaky sözlerimi kabul etmegiňizi haýyş edýärin....

DOWAMY
pic
2 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA TÄZE ÝYL GUTLAGLARY GELIP GOWUŞÝAR

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Prezident, gadyrly doganym! Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagt arzuw edýärin hem-de Täze ýyl mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin hoşallyk bildirýärin. Rejep Taýyp Ärdogan, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti   *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli Sizi t...

DOWAMY
pic
2 Ýan

ADAM HAKYNDAKY ALADA MILLI LIDERIMIZIŇ DURMUŞ SYÝASATYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGRUDYR

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Täze, 2020-nji ýylyň ilkinji günlerinden pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň 10 göterim ýokarlandyrylan möçberi tölenilip başlandy. Resminama laýyklykda, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1415 manat möçberde kesgitlenildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň artdyrylmagynyň her ýyl geçirilýän çäredigini bellemek möhü...

DOWAMY