TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ HEM-DE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ BILELIKDÄKI MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyldaky iň soňky, Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. Milli Liderimiz gün tertibindäki meselelere geçmek bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar bermek bilen, «Türkmenistan — rowaçlygyň Wat...
SANLYLAŞDYRMAK ULGAMYNDA TEJRIBE ALYŞMAK
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda sanlylaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň 16-njy dekabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bu sebitde ýurdumyzda ilkinji bolup döwlet dolandyryş ulgamyna sanly maglumat tehnologiýalarynyň, şol s...
«ÝIGIT» KOMPANIÝASY HALKARA SERGISINIŇ DIPLOMYNA WE KUBOGYNA MYNASYP BOLDY
Golaýda Türkmenistandan «Ýigit» hojalyk jemgyýeti Moskwada geçirilen «Russiýanyň we GDA-nyň ýyladyşhana toplumlary-2019» 4-nji maýa goýum forumynda-sergisinde «GDA-nyň ýyladyşhana pudagynda innowasion ösüş» ugrundan diploma we kuboga mynasyp boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ýigit» HJ-niň sergä hödürlän ekologiýa taýdan arassa önümlerine çärä gatnaşan 20 ýurduň wekilleri, şol sanda Russiýadan we GDA ýurtlaryndan iri ýyladyşhana toplumlarynyň hem-de...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BAŞ ARÇANYŇ ÝANYNDA TÄZE ÝYL DABARALARYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna baryp görüp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy. Türkmen paýtagty Täze ýyly baýramçylyk lybasynda garşylaýar. Köpöwüşginli bezegler şäheriň köçelerini, meýdançalaryny, seýilgählerini hem-de seýil baglaryny tanalmaz derejede özgertdi. Hemme ýerde, konsert meýdançalarynda we açyk asmanyň asty...
KOMPOZITOR DAŇATAR HYDYROW: YLHAM SIMFONIÝASY
Şu gün türkmen kompozitorlyk mekdebiniň döredijiligi özboluşly şahyrana owazlara ýugrulan güýçli wekilleriniň biri Daňatar Hydyrow doglan gününi belleýär. Daňatar Baýramowiç 1953-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Gökdepede gullukçy maşgalasynda dünýä inýär. Atasy Hydyr aga oglanjygyň saza ukyplydygyny aňypdyr, ol agtygynyň döredijilik taýdan kemala gelmegi üçin ähli şert döretmäge çalşypdyr. 1960-njy ýylda Daňatar mekdebe barýar. Şol ýyllarda hem Amangeldi Goçow bilen Saparmyrat Babaýewiň ýolbaş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY Ş.D.JUMAÝEW HAKYNDA
Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji dekabry.
AŞGABATDA NOBATDAKY ÝAŞAÝYŞ JAÝLARY ULANYLMAGA BERILDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň günorta-gündogaryndaky Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda köp gatly jaýlaryň dördüsiniň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Irden owadan şarlar bilen bezelen täze jaýlaryň ýanynda uly türkmen toýuna mahsus ýagdaý döredildi. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda şäheriň dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleri,...