RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Okt

TÜRKMENISTANYŇ, GAZAGYSTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÜÇTARAPLAÝYN RESMINAMA GOL ÇEKDILER

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň arasynda üç döwletiň döwlet serhetleriniň kesişýän nokadynyň ýeri hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakyndaky Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama türkmen tarapyndan Daşary işler ministri R.Meredow, gazak tarapyndan - Daşary işler ministri M.Tleuberdi, özbek tarapyndan - Daşary işler ministri A.Kamilow tarapyndan gol çekildi....

DOWAMY
pic
11 Okt

AŞGABATDA GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.  Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeyenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoew, Russiýa Federasiýasyn...

DOWAMY
pic
10 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADA HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYKLARY

2019-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň (UNHCR) 70-nji sessiýasynyň çäklerinde Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň (MHG) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň baştutanlygyndaky wekiliýetiň MHG-nyň Baş direktory Antonio Witorino bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň MHG bilen hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi barada belläp geçdiler. Bosgunlaryň we r...

DOWAMY
pic
10 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan bilen duşuşygy geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika, ulag gatna...

DOWAMY
pic
10 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-täjik gatnaşyklaryna degişli bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm itergi berýän ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetliligi bel...

DOWAMY
pic
10 Okt

AŞGABATDA GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow, Moldowa Respublik...

DOWAMY
pic
9 Okt

PAKISTANYŇ GOŞUNYNYŇ BIRLEŞEN KARARGÄHLERINIŇ KOMITETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Pakistanyň goşunynyň Birleşen karargähleriniň komitetiniň başlygy, general Zubair Mahmud Haýatyň ýolbaşçylygyndaky Pakistan Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özarahormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň hem-de Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Tarapla...

DOWAMY