TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE SINGAPUR KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE YGRARLYDYR
Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary başlandy. 27-nji awgustda Singapur Respublikasynyň Prezidentiniň «Istana» köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapuryň Prezidenti hanym Halima Ýakob bilen duşuşygy geçirildi. Iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň baştutany Singapur Respublikasyna gelmek baradaky ça...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ SZILIN WELAÝATYNDA GEÇIRILEN ÇÄRELERE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 22-25-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaýyň Demirgazyk-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy boýunça 12-nji EKSPO bilen bagly çärelere, şeýle hem EKSPO-nyň çäklerinde geçirilýän «Ahalteke bedewleri we Ýüpek ýoly» sergisine, türkmen-hytaý dostluk sergisine we Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň At medeniýeti festiwilyna gatnaşmak maksady bilen Szilin welaýatynyň Çançun şäherinde iş saparynda boldy. Çançun şäher...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARY
Giriş Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gurama halkara parahatçylygy, howpsuzlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, ähli döwletleriň hem-de halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň mandatyna eýe bolan ýeke-täk halkara düzüm hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan bu gurama gatnaşyjy beýleki ýurtlar bilen bilelikde BMG-niň halkara işlerdäki öňdäki w...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ SINGAPUR RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2019-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary başlandy. Saparyň barşynda Türkmen lideriniň Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakob hem-de ýurduň premýer-ministri Li Sýanlun bilen duşuşyklarynyň geçirilmegine garaşylýar.
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň (METI) Ulgamlaýyn infrastruktura we suw işewürligi ulgamyndaky halkara taslamalarynyň ösdürilmegi boýunça bölüminiň başlygy jenap Ýasuhiro Kasaý bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanda...
KÄRIZLER: SUWY AÝAWLY SAKLAMAGYŇ ÝÖRELGELERI
Dag eteginiň baýyrlaryndan bakanyňda ýer üstündäki uzyn oýlara gözüň düşýär. Olar dag içindäki jülgelerden gözbaş alyp, gül-pürçük baglara barýar. Bular dag çeşmelerinden jülgä suw alynýan gadymy suwaryş desgasy bolan kärizler ulgamydyr. Şeýle usul bilen suw toplap, ony şäherlere we irrigasiýa kanallaryna bermek gadym döwürlerde Orta Aziýanyň hem-de Kawkazyň daglyk we dag etek sebilterinde giňden ýaýrapdyr. Gurak howa şertlerinde ýerli ilat üçin olaryň belli bahasy bolmandyr. Merkezi Köpetda...
ÝURDUMYZYŇ GÜNDOGARYNDAKY GARABEKEWÜL ŞÄHERINDE MEDENIÝET MERKEZI ULANYLYŞA TAÝÝARLANYLÝAR
Medeniýet merkeziniň binasy Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Garabekewül şäheriniň binagärlik toplumynyň görküne görk goşdy. Binany welaýat häkimliginiň tabşyrygy boýunça «Kämil ýol» hususy kärhanasynyň gurlyşykçylary gurdular. Onuň iki gatly binasynda häzirki zaman dizaýnerlik çözgütleri we milli bninagärlik ýörelgeleri sazlaşykly utgaşýar, milli baýramlar we şanly seneler mynasybetli köpçülikleýin-medeni çäreleri geçirmek, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilikli ösüşi üçin ähli şer...