SOŇKY HABARLAR
Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we döredijilik hem-de kreatiw industriýalaryny ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy
2026-njy ýylyň 17-19-njy iýunynda Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we döredijilik hem-de kreatiw industriýalaryny ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy. Çärä Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Belarusuň Premýer-ministri Aleksandr Turçin, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezidentiň Diwanynyň Ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliý...
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary başlandy
2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar täze sepgitlere çykarylýar. Iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem netijeli häsiýete eýedir. Türkmenistanyň we Malaýziýanyň iri halka...
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde TIIF-2026 forumyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 16-18-nji iýuny aralygynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N. Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bäşinji Daşkent halkara maýa goýum forumynyň (TIIF-2026) işine gatnaşdy. Forumyň açylyş dabarasyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Albaniýanyň Prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň premýer-mi...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň bitaraplyk syýasatynyň orny baradaky Kararnamasy Guramanyň alty resmi dilinde çap edildi
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 82/262 belgili «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasy Guramanyň alty resmi dilinde çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň websaýtynda habar berilýär. Kararnamanyň BMG-niň ähli resmi dillerinde çap edilmegi Baş Assambleýanyň resminamany kabul etmeginde...
DIM-de Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar yzygiderli maslahatlaryň we duşuşyklaryň amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de täze bilelikdäki başla...
Aşgabatda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Slowakiýa Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary Wladimir Şimonýak hem-de Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Wiktor Boreski bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bir gün öň Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça t...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Çärä şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda taraplar Sammitiň taýýarlyk işleriniň ba...