SOŇKY HABARLAR
Türkmen halykynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmen halykyny Milli Lideri Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany mähirli garşylady. Belent mertebeli myhmana gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Soňra Türkmen halykyny Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň gysgaça ikiçäk duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ir...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ilham Aliýew mähirli salamlaşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny, Türkm...
Aşgabatda “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň açylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň açylyş dabarasy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Tegelek binagärlik toplumy hökmünde gurlan bu özboluşly bina ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn daşary syýasatynyň aýdyň nyşanydyr. Desganyň bitewüligiň we yzygiderli dialogyň nyşany hökmünde tegelek daşky binagärlik ke...
Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Býurosynyň we mynasyp zähmet meseleleri boýunça tehniki goldaw toparynyň direktory Mihail Puşkin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatynyň ähmiýeti bellenildi....
Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Bilýana Miloşewiç bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Hal...
Serbiýa Respublikasynyň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk ministri bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Serbiýa Respublikasynyň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk ministri Nenad Popowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi, iki ýurduň arasynda syý...
Türkmenistanyň DIM-inde BSGG-niň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekili bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekili, BSGG-niň Ählumumy saglygy goraýyş diplomatiýasy boýunça Ýewropa sebit merkeziniň ýolbaşçysy Oksana Domenti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we BSGG-niň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen gol...