RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Ýan

Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda konsullyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Hindistanyň konsullyk gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem bu ugurda bilelikdäki taslamalary we başla...

DOWAMY
pic
24 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny kabul etdi

2025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallamy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň sporty ösdürmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berýändigini belledi. Şeýle hem myhman Olimpiýa hereketini ösdürmäge, halkara derejeli türgenleri ýet...

DOWAMY
pic
23 Ýan

Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy 2024–2026-njy ýyllar üçin ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji g...

DOWAMY
pic
22 Ýan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.  Telefon söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli toplumy boýunça okgunly we yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz bularyň köp babatda Gazagystanyň Baştutanynyň hyzmaty...

DOWAMY
pic
21 Ýan

Kanadanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Kristofer Dagganyň (oturýan ýeri Astana şäheri) arasynda duşuşyk geçirdi. Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. A.Gurbanow diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-dip...

DOWAMY
pic
21 Ýan

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyryldy

2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyz ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, şu ýyl Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýandygyny, şoňa görä, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr eýel...

DOWAMY
pic
18 Ýan

BMG-niň ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisler zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan guralan bu çärä BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtady. Şu ýyl ýurdumyz 1995-nji we 2015-nji ýyllarda BMG-niň Ba...

DOWAMY