TÜRKMEN KEŞDELERI — MILLETIŇ BUÝSANJY

photo

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde «Keşdeçileriň nagyşlary siňen nepislik» atly türkmen milli keşdelerine bagyşlanan sergi açyldy.

Sergide goýlan işler iňňedir ýüpek sapaklar arkaly islendik zady gül-gunçaly baglara we çemenzarlyklara öwürýän türkmen keşdeçileriniň özboluşly el işleriniň gözelligini görkezýär. Nesilden nesle geçip gelýän keşdeçilik halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.

Zenan lybasy hökmünde giňden ýaýran kürte sergide esasy orun tutýar. Zenanlar ýaşyna, durmuşda eýeleýän ornuna görä ýa-da haýsydyr bir dabara üçin her dürli kürte atynýarlar.

Kürtede gyzyl, sary, gara we ak sapaklar ulanylýar. Keşde syk çekilýär, onda boş ýer galmaýar diýen ýaly. Reňk sazlaşygy keşdeçiniň inçe tapbilerligi we işiň päkize nepisligi onuň çeperçilik gymmatyny artdyrýar.

Sergide çaga eşikleri bilen birlikde hojalykda gündelik ulanylýan zatlar-da görkezilýär. Olaryň arasynda ýüpek sapaklardan inçe keşde salnan özboluşly başatgyç hem bar.

Serginiň açylyşyna tanymal keşdeçiler çagyryldy, olar öz çykyşynda bu hünäriň syrlary barada gürrüň berdiler. Köp babatda şolaryň zehini bilen türkmen keşdeçilik sungaty barha gülläp, gül açýar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65570/turkmen-kesdeleri-milletin-buysanjy