img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hanym Liz Trassy Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

“Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly halklarymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirýärin” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Liz Trassa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65999/turkmenistanyn-prezidenti-beyik-britaniyanyn-premyer-ministrini-gutlady-2