img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA HALK DEMOKRATIK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET IŞLERI BOÝUNÇA BAŞLYGYNY GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna ýurduň milli baýramy — Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)