img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY

photo

Şu gün irden Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady.

Saparyň maksatnamasy boýunça Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýada birnäçe duşuşyklary, şol sanda bu ýurduň Premýer-ministri, parlamentiniň wekilleri, käbir öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýada döwlet derejesinde geçiriljek matam çäresine gatnaşar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu iş sapary Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde has-da ösdürilmegine itergi berer.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary (turkmenistan.gov.tm)