img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LÝUKSEMBURGYŇ GERSOGYNY GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Lýuksemburgyň Beýik Gersogy Genrihe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga daýanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Beýik Gersog Genrihe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Lýuksemburgyň Gersogyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)