TÜRKMENISTANDA TÜRKMEN WE ÖZBEK HALKLARYNYŇ DOSTLUK FESTIWALYNYŇ DABARALY AÇYLYŞY BOLDY

2022-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Daşoguz şäherinde Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Ol goňşy ýurtlaryň gatnaşyklarynda täze sahypany açmaga ýardam berer.

Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri O.Nazarbekowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar dostluk festiwalyna gatnaşmak üçin Daşoguz şäherine geldi.

Ir bilen festiwala gatnaşyjylar we myhmanlar bu forumyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýerine - ajaýyp “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança ýygnandylar. Asylly däbe görä, goňşy ýurduň wekillerine duz-çörek hem-de sahawatly türkmen topragynyň naz-nygmatlary hödür edildi.

Festiwalyň açylyş dabarasyna iki döwletiň medeniýet ulgamynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, žurnalistler, köp sanly myhmanlar, ýaşlar gatnaşdylar. 

Bu ýerde iki ýurduň senetçileriniň hem-de şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleriniň sergisi guraldy. Onda türkmen we özbek halklarynyň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatyň gaýtalanmajak gözelligini, taryhyň, medeniýetiň ýadygärliklerini, häzirki zaman binagärlik ýörelgelerini beýan edýän eserler görkezildi. 

Festiwalyň açylyş dabarasy binanyň zalynda dowam etdi. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň dostluk festiwalyna gatnaşyjylara iberen Gutlaglary okaldy. 

Bu ýerde guralan konsertde gadymy we häzirki zaman aýdym-sazlary ýaňlandy, türkmen we özbek halklarynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan hem-de biziň günlerimizde aýawly saklanylýan özboluşly däp-dessurlaryny beýan edýän tans, folklor çykyşlary görkezildi. 

Konsertiň ahyrynda artistler bilelikde gadymy “Küştdepdi” tansyny ýerine ýetirdiler. Bu täsin tans hereketleri doganlyk halklaryň döredijilik bitewüliginiň kökleriniň gadymydygynyň nyşanyna hem-de döredijilik kuwwatynyň beýanyna öwrüldi.

Konserte gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilen “Goý, baky ýaňlansyn dostluk aýdymy!” atly aýdym türkmen we özbek halklarynyň dostluk konsertiniň ajaýyp jemlenmesi boldy.

Ertir Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň çäklerinde birnäçe çäreler geçiriler, şol sanda türkmen we özbek kinematograflary bilen döredijilik duşuşygy guralar.

Döredijilik forumy Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň “Ygrar ataşy” atly sahna oýny bilen tamamlanar. 

Türkmenistanda Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy (mfa.gov.tm)