TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 4 MILLION 729 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri buýan köküni satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 4 million 729 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 4 million 680 müň manat bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 4 million 729 müň dollaryndan gowrak boldy (turkmenistan.gov.tm)