TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde tekizlemek, geriş çekmek işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler guramaçylykly alnyp barylýar.

Şu ýylyň gowaça ekişini bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary möwsüme doly taýýar edildi. Welaýatyň ekin meýdanlarynda sogan ekmek işleri tamamlandy, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň ekişi agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek hem-de gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, bu ugurdaky alnyp barylýan guramaçylyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaý meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär.

Gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary ekiş möwsümine doly taýýar edildi. Ýazlyk ýeralmanyň ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär, sogan ekilen ýerlerde ideg işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy we häkime welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda geçirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri, ýazlyk ekinleriniň ekişiniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak üçin tekizlemek, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary möwsüme doly taýýar edildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň, soganyň ekişi bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilýär, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamagyň, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýa ösüş suwuny tutmak, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizlemek, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.

Öňümizdäki ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary doly gözden geçirildi. Häzirki wagtda welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň geljekki bereketli we bol hasylyň girewidigini belledi hem-de welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýdyp, häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň, gök-bakja ekinleriniň ekişini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyny belläp, häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri, hususan-da, tekizleýiş işleri dowam edýär, ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň gözden geçirilişi tamamlandy.

Mundan başga-da, häkim welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişiniň dowam edýändigi barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň depginini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, gök-bakja ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda 2023-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda Kararyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak, haşal otlaryň we zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, şu günler welaýatlarda gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri tamamlanyp, tekizleýiş işleri dowam edýär. Häzirki wagtda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilen meýdanlarda geriş hem-de çil çekmek işleri alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk çigitleri taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň hem-de soganyň ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Bu ekinleriň ekişini bellenilen möhletlerde tamamlamak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

Şeýle-de wise-premýer ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny talabalaýyk geçirmek, bu ugurda suwaryş suwunyň üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygy üçin örän jogapkärli möwsümiň ýetip gelýändigine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak, gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsüminde saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaý meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerini, ýazlyk ekinleriň ekişini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny dowam edip, welaýatlaryň häkimleriniň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda gurulmagy göz öňünde tutulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim edaralarynyň, medeniýet öýleriniň, suw geçirijileriň, suw arassalaýjy desgalaryň, dik guýularyň, lagym geçirijileriň, lagym arassalaýjy desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, gaz geçirijileriň, aragatnaşyk ulgamynyň, elektrik geçirijileriň gurluşyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabatlaryny diňledi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň we binalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleriniň ýokary hilli, bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatyň çäklerinde gurulmagy we durky täzelenilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, welaýatda şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulýan hem-de durky täzelenilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Milli maksatnamanyň maksadynyň ýurdumyzyň obalarynyň we kiçi şäherleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmakdan, durmuş taýdan ösüşini üpjün etmekden we inženerçilik-üpjünçilik ulgamyny özgertmekden ybaratdygyny belledi we oňa laýyklykda welaýatda şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalaryň we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi we welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi (turkmenistan.gov.tm)