img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 181 MILLION 691 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. 

Nebiti gaýtadan işleýän senagatyň önümleri ýokary islegden peýdalanýar. Şeýlelikde, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Maltanyň we beýleki döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny, awtobenzini, ýangyç mazudyny we uçar kerosinini satyn aldylar. 

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň telekeçileri nah ýüplügi, Özbegistanyň telekeçileri bolsa float list aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 181 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 181 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy (turkmenistan.gov.tm)