YSRAÝYLYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÖZ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

photo

2023-nji ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ysmaýyl Haldi bilen duşuşyk geçirdi we onuň dowamynda ynanç hatlarynynyň nusgalaryny kabul etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ilçini bu wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki işiniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Köptaraplaýyn meýdançalarda hyzmatdaşlyk etmekde, şol sanda halkara başlangyçlary we teklipleri özara goldamakda oňyn tejrbäniň bardygy beýan edildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmeginiň maksadalýykdygy nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi işinde ileri tutulýan ugurlar hökmünde saglygy goraýyş we lukmançylyk, ylym-bilim ugurlary kedgitlenildi. Şol bir wagtda ysraýyl tarapy Türkmenistanda Ysraýylyň medeniýet günlerini gurnamakda gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplarikitaraplaýyn özara herektleri ösdürmek üçin tagallalary gaýgyrmajakdyklaryny tassykladylar.

Ysraýylyň täze bellenen Ilçisi Türkmenistanyň DIM-nde öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy (mfa.gov.tm)