img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 41 MILLION 700 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.

Nebiti gaýtadan işleýän senagatyň önümlerine uly isleg bildirildi. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, göni arassalanan benzini, yşyklandyryş we uçar kerosinini, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 700 müň dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 700 müň dollaryndan gowrak boldy. (turkmenistan.gov.tm)