img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI

photo

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana we BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana dogany Şeýh Saýid bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin, merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!” diýip, Gahryman Arkadagymyz dileg etdi we merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden duýgudaşlygyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi (turkmenistan.gov.tm)