img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana we BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana dogany Şeýh Saýid bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin, merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi (turkmenistan.gov.tm)