img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 11 MILLION 616 MÜŇ 300 DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Ukrainanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek önümler, gaplamak üçin niýetlenen mata, nah ýüplügi, distillirlenmedik çig ýag turşulyklary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 616 müň 300 dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 616 müň 300 dollaryndan gowrak boldy (turkmenistan.gov.tm)