KANADANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Alan Hemson (oturýan ýeri Astana şäheri) bilen duşuşdy we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen-kanada gatnaşyklaryny giňeltmekde üstünlik arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-kanada hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem döwletara formatda, halkara we sebit guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen, diplomatlar 2024-nji ýylda daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmäge ylalaşdylar. Şunuň bilen birlikde, şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirilmeginiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Geljegi uly ugurlaryň arasynda söwda we ykdysady toplum, ýangyç we energetika pudagy, “ýaşyl energiýa”, şeýle hem bilim ulgamy bellenildi.