TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE KANADANYŇ TÄZE ILÇISI KABUL EDILDI
2023-nji ýylyň 10-njy oktaýbrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Alan Hemsondan ynanç hatyny kabul etdi.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Kanadanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň barşynda Ilçi Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalardyr taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Mejlisiň işi we onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk esaslaryny üpjün etmekde eýeleýän orny söhbetdeşligiň aýratyn mazmunyny düzdi. Şunda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň türkmen-kanada gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakyndaky özara pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi. Şeýle hem syýasy-diplomatik gepleşikleriň netijeli häsiýeti, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde iki ýurduň özara hereketleri barada-da bellenilip geçildi.