TÜRKMENISTAN BILIM ULGAMYNDA MAGLUMAT TEHNOLOGIÝALARYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÝOL KARTASYNA GOL ÇEKDI

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (UNESCO) Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça Institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýol kartasyna gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Bu resminama Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa we ÝUNESKO-nyň bilim tehnologiýalary institutynyň müdiri Tao Çžan gol çekdiler.

Resminamada bilim ulgamynda ösen maglumat tehnologiýalaryny ulanmak we tejribe toplamak boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary hödürlenýär.