Aşgabatda BMG-HABITAT bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2023-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (BMG-HABITAT) bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, BMG-HABITAT-yň Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa boýunça sebitleýin geňeşçisi K.Şefer, şeýle-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda taraplar Türkmenistanda BMG-HABITAT-yň wekilhanasyny açmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny döretmegiň wajyplygy barada pikir alyşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen BMG-HABITAT-yň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösüş depginini bellediler.