Aşgabatda ÝHHG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygy

2024-nji ýylyň 5-nji martynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň binasynda ÝHHG-niň üç ölçeginiň çäginde hyzmatdaşlygyň we sebit merkezleriniň işiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan ÝHHG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, ÝHHG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, ÝHHG-niň Sekretariatynyň wekilleri, ÝHHG-niň başlyklygynyň wekiliniň adyndan Malta Respublikasynyň wekili gatnaşdylar.

M.Bäşimowa duşuşykda eden çykyşynda ýurdumyzyň bilelikdäki jemgyýetiň öňünde durýan töwekgelçilikleri çözmekde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň möhüm orun eýeleýändigini ykrar edýändigini we şol bir wagtyň özünde onuň asylly işlerine üýtgewsiz goldaw bermegi tassyklaýandyklaryny mälim etdi. ÝHHG gatnaşyjy döwletleriň arasynda parahatçylygy, durnuklylygy we ynamy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde halkara meseleleri çözmekde hemişe dialogy goldaýandygy bellendi. Şonda ÝHHG-niň işjeň gatnaşyjysy hökmünde biziň ýurdumyz öz maksatlaryny we ýörelgelerini öňe sürmek üçin ähli tagallalary edýändigi, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlyga we umumy bähbitler üçin bilelikdäki işe ygrarlydygyny mälim etdi.