Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin

img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzluk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowyň döwlet sylagy bilen sylaglanmagy we diplomata Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň DIM-iň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary, KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýygnananlary mübärekläp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň iki doganlyk döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini hem-de Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm faktory bolup durýandygyny nygtady. Şu nukdaýnazardan, A.Kamilowyň iki halkyň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň berkidilmeginde bitiren hyzmatlary we şahsy goşandy barada durlup geçildi.

Soňra daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permanlaryny okady. Resminamalara laýyklykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, mili däp-dessurlary ösdürmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, A.Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy, şeýle-de diplomat «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.

A.Kamilow dabaraly ýagdaýda gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda däbe öwrülen türkmen donuny we ak telpegi geýýär. Şeýle hem myhmana degişli şahadatnamalar we nyşanlar gowşurylýar.

Dabaranyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň A.Kamilowyň adyna iberen Gutlagy uly gyzyklanma bilen diňlenildi.

A.Kamilow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berlen bu ýokary sylaglar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Diplomat köpasyrlyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine pugta ynam bildirdi.