Türkmenistanyň DIM-nde Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň çägindäki özara hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşyldy. Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.