ABŞ Türkmenistan raýatlary üçin käbir wiza çäklendirmelerini aradan aýyrdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald J. Trump tarapyndan 2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda gol çekilen täze Prezident kararyna laýyklykda, Türkmenistan bilen bagly wiza düzgünlerinde möhüm ýeňillik girizildi.
Resmi resminamada bellenilişi ýaly, Türkmenistan soňky döwürde ABŞ bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, şahsyýeti kesgitlemek we maglumat alyşmak ulgamynda ep-esli öňegidişlik görkezdi. Şunuň netijesinde:
Türkmenistan raýatlarynyň ABŞ-a gysga möhletli saparlar üçin (B-1, B-2, B-1/B-2), okuw (F, M) we alyş-çalyş (J) wizalary boýunça girmegine goýlan çäklendirme doly aradan aýryldy.
Şeýlelikde, iş sapary, syýahat, okuw we akademik maksatlar bilen ABŞ-a gitmek isleýän türkmen raýatlary üçin ýol açyldy.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan raýatlarynyň immigrasiýa wizalary (ýaşamak maksatly wizalar) boýunça ABŞ-a girmegi wagtlaýynça çäklendirilen ýagdaýynda galýar.
ABŞ tarapynyň bellemegine görä, bu karar Türkmenistanyň degişli ugurlarda hyzmatdaşlygyny dowam etdirmegi bilen geljekde has-da giňeldilip bilner. Täze düzgünler 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.
Bu çözgüt, bilim almak, halkara alyş-çalyş programmalaryna gatnaşmak we gysga möhletli saparlary meýilleşdirýän türkmen raýatlary üçin möhüm we oňyn täzelik hökmünde bahalandyrylýar.