Türkmenistan we Azerbaýjan Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky dialogy pugtalandyrýarlar
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.
Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow hem-de Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Şarifow ýolbaşçylyk etdiler.
Maslahatyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini, şeýle hem sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Syýasy-diplomatik dialogy ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ulag-logistika hem-de energetika ulgamlarynda özara gatnaşyklary, şeýle-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.
Ýokary derejedäki gepleşikleriň we duşuşyklaryň Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň esasy şertleriň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak ýokary derejeli çärelere taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň, institusional baglanyşyklary berkitmegiň we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň netijeli mehanizmi hökmünde parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň utgaşdyryjy hem-de bilelikdäki başlangyçlary öňe sürüji möhüm mehanizm hökmünde esasy orny nygtaldy.
Işewür toparlaryň özara gatnaşyklaryny ösdürmek, telekeçileriň arasynda göni aragatnaşyklary giňeltmek we milli haryt öndürijileriň önümleriniň sergilerini guramak hem möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygyndaky ulag-üstaşyr ulgamy babatynda hyzmatdaşlygy berkitmekde we halkara ulag geçelgeleriniň taslamalaryny durmuşa geçirmekde strategik mümkinçiligi aýratyn nygtaldy.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda täze geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmekde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny bellediler.
Bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şol sanda akademiki alşygy ösdürmäge we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn ähmiýet berildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar we özara bähbitli ähli ugurlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.