img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Mejlisinde koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap Çýo Hýon Dunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ýurdumyza sapar bilen gelen Parlament wekilleri Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler bilen tanyşdyryldy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, parahatçylygy ilerletmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda ynanyşmagy berkitmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda öňe süren teklibi esasynda döredilen «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» parlamentara forumynyň sebit ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegindäki möhüm ähmiýetine üns çekildi. 

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza amala aşyran iş saparrynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejelere çykmagynda uly ähmiýete eýe bolandygy barada nygtaldy.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolup, dostlukly döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegine öwrülendigini, ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň hereket etmeginiň ýurtlarymyzyň oňyn halkara başlangyçlary, ynsanperwer içeri we daşary syýasaty bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga mümkinçilikleri artdyrýandygyny bellediler.