ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADYÝET, SÖWDA WE SENAGAT MINISTRLIGINIŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 13-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalarynyň, ulgamlaýyn infrastrukturalarynyň we suw hojalygynyň ilerledilmegi boýunça departamentiniň Başlygy jenap Takasi Ýosioko bilen duşuşyk geçirildi.   

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklaryň depginli ösüşini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Myhman soňky ýyllarda Türkmenistanyň ulag we durmuş infrastrukturasy, gazhimiýa ulgamy we agrosenagat toplumy ýaly ugurlarda uly göwrümli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde gazanan möhüm sepgitlerini belläp geçdi. Taslamalaryň ençemesine öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň üstünlikli gatnaşýandyklaryny bellemek zerurdyr.

Taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysadyýetiň ähmiýetli ulgamlarynyň ösdürilmegine gönükdirilen özarabähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar, bu bolsa gürrüňsiz ýagdaýda tutuş sebitde durnuklylygyň we ösüşiň saklanylmagyna özüniň öňyn täsirini ýetirer.