AHALDA GAZDAN BENZIN ÖNDÜRÝÄN ZAWODYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA BAGYŞLANYLAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Ahalda gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna bagyşlanylan brifing geçirildi.

Çärä ýokarda agzalan zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga gelen ýokary derejeli myhmanlar, ýurdumyzyň nebit-gaz ulgamyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, daşary ýurt kompaniýalaryň, şeýle hem halkara we milli habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew giriş sözi bilen çykyş etdi.  Soňra, Türkmenistanyň Döwlet ministri–“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew Ahal welaýatynda gurlan gazdan benzin öndürýän zawodyň ähmiýeti, onuň açylyşynyň döwletiň dürli ulgamlarynyň ösüşine ýetirjek täsiri we geljekki mümkinçilikleri dogrusynda belläp geçdi. Şeýle hem, çäräniň dowamynda birinji Hazar ykdysady forumyna, Türkmenistanyň nebit-gaz we gazhimiýa ulgamyna, bagyşlanan wideo filmler görkezildi.

Mundan başga-da, brifingiň dowamynda «ITOCHU», «Haldor Topsoe»,  «RÖNESANS», «Kawasaki Heavy Industry LTD», «Mitsubishi Corporation» we beýleki birnäçe daşary ýurt kompaniýalaryň ýolbaşçylary Türkmenistanda nebit-gaz ulgamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn we özärabähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlary we bu zawodyň açylmagy bilen geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin dörediljek mümkinçilikler barada öz çykyşlarynda beýan etdiler.

Geçirilen brifingde ýurdumyzyň oba hojalyk, nebit-gaz we söwda-senagat pudaklaryna degişli edaralaryň ýolbaşçylary hem çykyş edip, häzirki wagtda degişli ulgamlarda alnyp barylýan we daşary ýurt kompaiýalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen işler dogrusynda belläp geçdiler.

Çäräniň soňunda gatnaşyjylaryň arasynda sorag-jogap alşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi /