TÜRKMEN ZYÝARATÇYLARY MEKGÄ WE MEDINÄ HAJA UGRADYLAR

Türkmen zyýaratçylary hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haja ugradylar.
«Boing-737-800» kysymly uçar watandaşlarymyzyň — ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň wekilleriniň 160-syny üstüne alyp, Käbä tarap ugur aldy. Olar musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň sahawatly günleri bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, Mekgede hem-de Medinede haj parzyny berjaý ederler.
Paýtagtymyzda din işgärleriniň, zyýaratçylaryň hem-de pudak edaralarynyň birnäçesiniň wekilleriniň maslahaty boldy. Onda geljekki çäräniň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan syýasat halkymyzyň köpasyrlyk däplerini, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmegi ugur edinip, bu syýasatyň ýöredilmegi netijesinde türkmen zyýaratçylary her ýyl haj parzyny berjaý etmäge hem-de mukaddes Käbede ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygy we rowaçlygy barada Beýik Alladan doga-dileg etmek mümkinçiligine eýe bolýarlar.
Din wekilleri hem-de zyýaratçylar şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine ygrarlylygyň, däp-dessurlaryň aýawly saklanylmagynyň, milletiň ruhy gymmatlyklarynyň artdyrylmagynyň ýaşlary terbiýelemek işinde uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýratyn bellediler.
Bu ýere ýygnananlar milli Liderimize bu meseleleriň oňyn çözülmegine hemişe üns berýändigi, haj parzyny ýerine ýetirmek üçin zerur şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Medinede zyýaratçylar Muhammet Pygamberiň, onuň egindeşleriniň ruhlarynyň aram tapan ýerlerine, dünýä belli metjitlere we beýleki mukaddes ýerlere zyýarat ederler. Bu ýerde olar haj parzynyň berjaý ediljek ýeri bolan Mekgede Zem-Zem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly, musulman dünýäsiniň baş mukaddesliklerine baryp togap ederler, mukaddes Käbäniň daşyndan aýlanarlar.
Haj parzynyň we mukaddes urp-adatlaryň berjaý edilýän wagty watandaşlarymyz eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna, häzirki we geljekki nesillerimiziň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň hatyrasyna milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň üstünlikli geçirilmegi barada Beýik Biribardan doga-dileg ederler.
Goý, Beýik Biribar türkmen zyýaratçylaryny öz penasynda aman saklasyn!
Doga-dilegleriňiz Gudraty güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun, hormatly watandaşlar!