DÖWLET BAŞTUTANYMYZ GAZAGYSTANDA BOLUP GEÇEN, KÖP SANLY ADAM PIDALARYNA WE SIKES ÝETMELERINE GETIREN UÇAR HELÄKÇILIGI ZERARLY GYNANÇ BILDIRDI

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewe Almaty şäheriniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren «Bek Air» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçiligi zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.