TÜRKMEN PAÝTAGTYNYŇ IŇ GOWY TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYK BEZEGI BÄSLEŞIGINIŇ JEMI JEMLENDI

Owadan Täze ýyl lybasyny geýnen Aşgabat gijelerine durşy bilen ýalkym bolup duran şähere öwrülýär. Baýramçylyk şäher bezeginiň dizaýnerleri köçeleri we seýilgähleri her dürli owadan girlýandalar, ýalpyldyly şarlar, dürli röwüş geň-enaýy garjagazlar, binalaryň öňüni we gazonlary ýylgyryp duran Aýaz babadyr Garpamygyň hem-de indiki ýylyň nyşany – ozboluşly kümüşsow syçanyň baştutanlygynda ertekileriň gahrymanlarynyň heýkelleri bilen bezediler.
Şu ýyl paýtagtymyzyň häkimligi TSTB bilen bilelikde iň gowy Täze ýyl bezeginiň bäsleşigini geçirdi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary – hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri, şahsy kompaniýalar öz ukybyny görkezmäge çagyryldylar. Netijede şäheriň köçeleridir, alleýalary, seýilgähleri, jaýlaryň öňündäki ýerler nakgaşlaryň, yşyk we landşaft dizaýnerleriniň, bezegçileriň we dynç alyşlary guraýjylaryň täzeçil çemeleşmeleriniň meýdançasyna öwrüldi. Çagalar üçin täze ýyla mahsus anturažly, Aýaz babanyň we Garpamygyň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan, aýdym-sazly we dynç alyş meýdançalarynyň jemi ýigrimä golaýy gurnaldy.
Hatarynda döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolan ýörite döredilen eminler topary ideýalaryň özboluşlylygyna, onuň durmuşa geçirilişiniň hiline we üýtgeşik çemeleşilişine baha berdi. Ýeňiji kesgitlenilende esasan baýramçylyk meýdançasynyň aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň arasynda meşhurlygyna üns berildi.
Paýtagtymyzyň häkimliginde gözden geçirilişiň jemi jemlenildi we Aşgabadyň iň gowy Täze ýyl bezeginiň ýeňijilerini hem-de onda baýrakly orunlara mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy boldy.
Çärä häkimligiň gurluş düzümleriniň, paýtagtymyzyň jemgyýetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinň başlygy Aleksandr Dadaýew täze, 2020-nji ýylda bu ýere gelenlere üstünliklerdir älem gowulyklaryny arzuw etdiler. Dabaranyň çäklerinde hünärmenler türkmen paýtagtyny ösdürmegiň ugurlary, onuň landşaft bezegini we binagärlik sazlaşygynyň özboluşlylygyny, amatly we ekologiýa taýdan arassa durmuş gurşawyny kemala getirmek boýunça işler barada pikir alyşdylar.
Birinji orun we uly möçberli pul baýragy «Türkmen awtoban» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Halapberdi Annaýewe berildi. Bu kompaniýa Ylham seýilgähinde ajaýyp Täze ýyl bezegini ýerine ýetirdi we bu ýere gelýänler üçin her dürli çäreleri gurady.
Biziň bilen söhbetdeşlikde H. Annaýew: «Guran arçamyzyň töwereginde şadyýan çagalaryň oýnaşyna gözüň düşende göwnüň göterilýär. Dogrusy, şäher ilaty biziň alleýamyza gelýärmikä, bu ýere gelýän çaga köpmi, olar wagtyny nähili geçirýärkä diýip özüm bu ýere ýygy-ýygydan aýlanýardym. Körpeje aşgabatlylar üçin ertekiler ýordumlaryna sahnajyklar guraldy. Biziň satuwa çykarýan her hili süýji tagamlarymyz TSTB-niň agzasy bolan kärhanalardan göni getirilýän täze önümlerdi. Bezeg we guramaçylyk işleri sazlaşykly alnyp baryldy, oňa gatnaşanlar iş gidip durka täze pikirler aýdýardylar. Hat-da girlýandy agaja asmagyňam ýöne-möne iş däldigine indi göz ýetirdim. Baýramçylyk çyralarynyň sazlaşygyny gazanmak üçin yşyk dizaýny oýlanşykly düzüldi» - diýip gürrüň berdi.
Ikinji baýrak Magtymguly şaýolunda ýerleşýän adybir seýilgähiň bezegi üçin «Serpaý ussat hyzmatdaş» Husuy kärhahasynyň direktory Berdimyrat Nagmatowa gowşuryldy. Bu ýerde her gün agşam aýdym-saz ýaňlanýar, ertekileriň gahrymanlarynyň lybasyny geýen artistler çagalar üçin çykyş edýärler, Aýaz baba bolsa, şadyýan bäsleşikleri guraýar we çagalara süýji nygmatlardyr oýunjaklar sowgat berýär.
Üçünji orna «Aşgabat» seýilgähiniň guramaçylyk we bezeg işleri üçin «Owadan ülke» Hojalyk jemgyýeti mynasyp boldy. Baýrak HJ-ni döreden Röwşen Begmämmedowa berildi.
Dabaranyň ahyrynda meşhur estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy. Türkmenistanyň halk artisti Pälwan Hamydow, ýurdumyzyň at gazanan artistleri Züleýha Kakaýewa, Ilşat Annamämmedow, şeýle hem Gulberdi Jepbarow we Gurbanjemal Orazdurdyýewa dagy bu ýere gelenlere aýdymlaryny peşgeş etdiler.