ÇAGALAR - BIZIŇ GELJEGIMIZ!

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl baýramy mynasybetli dabara geçirildi. Onuň “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Dürli serişdeler we köp öwüşgünli yşyklar bilen bezelen belent başly arçanyň ýanynda guralan aýdym-sazly çykyşlar bu ýerde geçirilýän dabaranyň esasyny düzdi. Ýurdumyzyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekilleri hem-de köpsanly myhmanlar çagalaryň şatlygyny paýlaşmaga geldiler.

Şeýle hem ýurdumyzyň belli sungat ussatlary, artistler bu ýerde myhmançylykda bolup, aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Aýazbabanyň hem-de Garpamygyň ýolbaşçylygyndaky ertekileriň gahrymanlary hem dabara baýramçylyk öwüşgünini çaýdylar. Dürli baýramçylyk lybaslaryny geýnen çagalar joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler we belent başly arçanyň daşyndan aýlandylar. Ýurdumyzyň belli estradaçylarynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Şeýle hem bu ýerde dürli baýramçylyk bäsleşikleri geçirildi. Oňa gatnaşanlar özleriniň köpugurly zehinlerini açyp görkezdiler hem-de baýramçylyga we mähriban Watanymyza bagyşlanan goşgy setirlerini okadylar.

Dabaranyň ahyrynda “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänler ajaýyp sowgatlar, bagtyýar çagalyk üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar we milli Liderimizi we tutuş halkymyzy Täze ýyl bilen gutlap, hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13781