TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA TÄZE ÝYL GUTLAGLARY GELIP GOWUŞÝAR

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!


Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagt arzuw edýärin hem-de Täze ýyl mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin hoşallyk bildirýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti

 

***


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,


Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Russiýanyň we Türkmenistanyň dostluk hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Bilelikdäki iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika we ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklar giňeldilýär. Sebitara gatnaşyklar, işewür toparlaryň hem-de jemgyýetçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar.

Köpugurly russiýa-türkmen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylyp, täze giň gerimli başlangyçlary ilerletmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Siziň jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikler, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,
Dmitriý Medwedew,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy

 

***


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,


Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn hem-de Size 2020-nji ýylda bagt we parahatçylyk arzuw edýärin.

Georgiý Gahariýa,
Gruziýanyň Premýer-ministri

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13782