TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA TÄZE ÝYL GUTLAGLARY GELIP GOWUŞÝAR

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamak hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, Siziň dostlukly halkyňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de dostluk we çuňňur hormat-sarpa baradaky sözlerimi kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti

 

***


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Täze ýylda bagt we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti
Başar Al Asad maşgalasy bilen

 

***


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Koreýa Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Koreýa ýarymadasynda parahatçylygyň bähbidine dostluk we hyzmatdaşlyk üçin Size hoşallyk bildirýärin. Şunuň özi biziň halkymyz üçin ynanyşmagyň çeşmesine öwrüldi.

Koreýa mundan beýläk-de halkara bileleşigi bilen bilelikde durnukly parahatçylygy üpjün etmäge çalyşar.

Biziň ýurtlarymyzyň Täze ýylda hem öňe gitmegine umyt edýärin we parahatçylykly ýol bilen ösýän Koreýa ýarymadasynda Siziň bilen nobatdaky duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In maşgalasy bilen.
 

***


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!


Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn!

Kersti Kalýulaýd,
Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13785