RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň — Karz alyjynyň adyndan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen degişli Maliýeleşdiriliş ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.