RESMI HABAR

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody talabalaýyk dolandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» kompaniýasy bilen bu zawody dolandyrmakda maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13827