MINSKDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

photo

2020-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Belarus döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzda şu ýyly «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýip yglan edilmegi, şeýle hem 11-12-nji dekabrda Aşgabatda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere bagyşlanyp maslahat gurnaldy.

Maslahata bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan dürli ýurtlaryň talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda, Türkmenistanyň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri barada aýdyp, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň milli bähbitlere, ählumumy howpsuzlyga hem-de ösüşe esaslanan ýörelgelerine ýokary baha berdiler, şeýle-de ýurdumyza mundan beýläk hem ösüşleri arzuw etdiler.

https://neutrality.gov.tm/news/conference-dedicated-to-the-25th-anniversary-of-permanent-neutrality-of-turkmenistan-held-in-minsk