RESMI HABAR

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin ýokary taýýarlykly döwlet ýolbaşçylaryny we gullukçylaryny, şeýle hem döwlete degişli bolmadyk edaralar üçin hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy hakyndaky Düzgünnama, akademiýanyň gurluşy, oňa okuwa kabul etmegiň Tertibi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna Bilim ministrligi bilen bilelikde hünärler boýunça okuw meýilnamalaryny taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasaryna tassyklamaga bermek tabşyryldy.

Akademiýa Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13852