RESMI HABAR

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Hazarýaka döwletler bilen özara hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmek, bu hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligine, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem-de Hazar deňzi institutyna 2020-nji ýylyň 3 — 5-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňziniň biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň wekilleri bilen duşuşyk geçirmek tabşyryldy.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13875