RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Hazarýaka döwletler bilen özara hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmek, şeýle hem Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça işleri ylmy esasda amala aşyrmak, tebigy we antropogen hadysalara gözegçilik etmek hem-de çaklama geçirmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, Daşary işler ministrligine, Bilim ministrligine hem-de Hazar deňzi institutyna 2020-nji ýylyň 6-7-nji fewralynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň wekilleri bilen duşuşyk geçirmek tabşyryldy.