RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, telekeçi fiziki we ýuridik şahslary döwlet tarapyndan maliýe taýdan goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna:
Türkmenistanyň Hökümetiniň — karz alyjynyň adyndan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň «John Deere Walldorf GmbH & Ño.KG» kompaniýasyndan satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahasynyň 85 göterimini maliýeleşdirmek üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Deere Ñredit Inñ.» kompaniýasy — karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny 8 ýyl möhlete baglaşmaga, şol karz ylalaşygy bilen bagly resminamalary resmileşdirmäge hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga;
oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alýan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň hyzmat ediji banklary bilen 8 ýyla çenli möhlete içerki karz ylalaşyklaryny baglaşmaga ygtyýar berildi.