RESMI HABAR

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny we ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ätiýaçlandyrylmagyny has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna:

Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary;

Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň ulgamy üçin telemehanika, kommunikasiýa we «SÑADA» ulgamynyň taslamasyny düzmek, getirmek, gurnamak hem-de ulanyşa girizmek barada Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Tiñaret A.Ş.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13875